Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň gazgeçiriji arzuwymy? Näme üçin Hytaý we Russiýa “Sibiriň güýji-2”-ni gurjaga heniz-de meňzemeýär?


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň lideri Si Szinpin. 3-nji sentýabr, 2025 ý. Pekin, Hytaý.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň lideri Si Szinpin. 3-nji sentýabr, 2025 ý. Pekin, Hytaý.

Geçen hepde hytaý lideri Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda Hytaýda yzly-yzyna geçirilen birnäçe diplomatik duşuşygyň arasynda, Pekiniň we Moskwanyň köpden bäri garaşylýan “Sibiriň güýji-2” gazgeçirijisini gurmak baradaky şertnamany yglan etmegi bilen, uly üstünlik gazanylan ýaly bolup görünýär.

Bu baradaky memorandumyň 2-nji sentýabrda Russiýanyň döwlet gaz läheňi “Gazpromyň” baş direktory Alekseý Miller tarapyndan yglan edilmegi, media serişdeleriniň habarlarynda günüň esasy sözbaşylaryny emele getirdi we Günbataryň basyşyna garamazdan, Pekin bilen Moskwanyň gatnaşyklarynyň çuňlaşýandygyny habar berdi.

Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan energiýa analitikleri, gazyň bahasy, onuň gazgeçirijiniň üsti bilen daşaljak mukdary we gurluşygyna sarp ediljek çykdajylaryň kim tarapyndan tölenjekdigi ýaly möhüm jikme-jiklikleriň entek gutarnykly belli däldigini göz öňünde tutup, mega-taslamanyň geljegine şübhe bildirýärler.

“Kanuny taýdan berkidilen memorandum üpjünçilik şertnamasy däl, şonuň üçin bu taslama ýaşyl yşyk döretmeýär” diýip, Kolumbiýa uniwersitetiniň Global energiýa syýasaty merkeziniň ýokary derejeli ylmy alymy Erika Downs Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

“Bu öňegidişligiň hyýalyny berýär, ýöne bu entek gutarnykly ylalaşyk däl” diýip, ol sözüne goşdy.

Ýakynda Pekinde gazanylan şertnama Russiýanyň Yamal ýarym adasyndan Mongoliýanyň gündogar sebitiniň üsti bilen Hytaýyň demirgazygyna gaz daşajak ägirt uly gazgeçiriji boýunça dowam edýän gepleşikleriň bir bölegi bolup görünýär.

Russiýa 2022-nji ýylda Ukraina garşy giň gerimli çozuşa başlaly we esasy energiýa bazary hökmünde Ýewropany ýitireni bäri Pekin Moskwanyň üstündäki täsirini hasam artdyrýar.

Hytaý Kremliň gaz bahasy boýunça amatly arzanladyşlar hödürlemek arkaly gepleşiklerde gowuşgynsyzlaşjakdygyny ýa-da däldigini, şeýle-de taslamanyň ABŞ bilen çylşyrymly bäsdeşligine nähili täsir etjekdigini görmek üçin wagt utmaga çalyşýan ýaly bolup görünýär.

Moskwanyň teklip edilýän 2600 kilometrlik gazgeçirijä zerurlygy äşgärdir. “Sibiriň güýji-2” gazgeçirijisi Russiýanyň Ukrainadaky söweşi sebäpli Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda ýitiren gaz söwdasynyň azyndan bir böleginiň öwezini dolup biler.

Mega-taslama boýunça Moskwa bilen gepleşikler ençeme ýyl bäri dowam edip, bir togtadylyp, soňra ýene-de gaýtadan başladylýarka, Pekin ýeke-täk gaz üpjün edijä aşa garaşly bolmazlyk üçin gaz importyny diwersifikasiýa etmek strategiýasyny ýöredýär.

Şeýle hem Pekin importa garaşlylygyny azaltmak üçin hereket edip, soňky ýyllarda içerki nebit we tebigy gaz gözlegini we önümçiligini ýokarlandyrmak üçin çäreleri gördi.

Bu, Hytaýda gaýtadan dikeldilýän energiýa meselesinde uly üýtgeşmä gabat geldi, ýurduň kompaniýalary gün energiýasy we elektrik ulagy önümçiligi ýaly ugurlarda öňdebaryjy boldular.

Netijede, import edilýän gaza bolan isleg azalýar we munuň öňümizdäki on ýylda hasam pese gaçmagyna garaşylýar, we ýylda 50 milliard kub metre çenli gazy daşap biljek “Sibiriň güýji-2” gazgeçirijisine bolan zerurlyk azalýar.



Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG