Türkmen paýtagtynyň ýollarynda gurlan ýerasty geçelgelerde, Türkmenistanyň garaşsyzlyk gününiň golaýlamagy bilen, goşmaça liftler oturdylmaga başlandy diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Goşmaça liftleriň oturdylmak zerurlygy, şäher häkimligindäki jogapkär işgäriň düşündirmegine görä, mümkinçiligi çäkli ýa-da maýyp adamlar hakynda edilýän alada bilen bagly.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň birneçesi mümkinçiligi çäkli adamlar üçin edilýän aladalary goldaýandygyny aýtsa, ýaşaýjylaryň käbiri öň gurlan goşmaça liftleriň hem işe girizilmän durandygyny aýtdy.
Ulanylmajak bolsa, liftleri näme üçin gurýarlar?
“Mundan öňem lift bary guruldy, paýtagtyň ýaşayjylary, muhmanlar geň galýar. Ulanylmajak bolsa, ilata haýry bolmasa, ummasyz býujet puluny harçlap, bu liftleri näme üçin gurýarlar?” diýip, söhbetdeşimiz sorady.
Onuň pikiriçe, derde ýaramaýan desgalar bir tarapdan il gözüne gurulsa, ikinji tarapdan, býujet puluny ogurlamak üçin gurulýana meňzeýär.
Aşgabatda soňky on ýyla golaý wagtda ýerüsti, ýerasty geçelgeleriň ondan gowragy guruldy diýip, söhbetdeşlerimiziň biri iň köp ýerüsti geçelgäniň Nurmuhammet Andalyp köçesinde gurlandygyny belledi.
Onuň pikiriçe, ýerüsti geçelgeleriň ýagdaýy umuman gowy, olar oňat saklanýar.
Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky duralgalaryň, ýerasty ötükleriň we ýerüsti geçelgeleriň arassaçylyk, abatlyk ýagdaýy gowy, bu işe döwlet eýeçiligindäki kärhana gözegçilik edýär.
Emma muňa garamazdan, duralgalary gyşyna ýyladýan, tomsuna salkynladýan enjamlary bejermek üçin ýeterlik serişde goýberilmeýär diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.
Şeýle-de, arassaçylyk işleri bilen meşgullanýan zenanlaryň arasyndaky çeşmäniň tassyklamagyna görä, işçi zenanlara hemişe ýeterlik iş serişdesi goýberilmeýär, olar köplenç öz hasabyna ýuwujy serişdeleri, mata böleklerini satyn alyp, özlerine düşen arassaçylyk işlerini etmeli bolýarlar.
Ýollardaky kameralar göz üçin oturdylýarmy?
Ýaşaýjylaryň biri ýollardaky, ötüklerdäki kameralaryň diňe göz üçin goýlandygyny, olaryň idili işlemeýändigini öňe sürdi.
“Ötüklerde oturdylan wideo enjamlary işleýär, ýöne olaryň eden ýazgysy uzak saklanmaýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.
Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri käte duralgalardaky oturgyçlaryň, aýna germawlaryň döwülmegi bilen gyzyklanyp, olary kimiň döwýändigini anyklamak üçin degişli hünärmenlere ýüz tutýarlar. Ýöne olar wideo ýazgyny ýatda saklaýan enjamlaryň bolmazlygy sebäpli, özlerinde ýazgy arhiwiniň ýokdugyny aýdýarlar.
“Emma muňa garamazdan, uly sütünlerde goýlan we umumy ýazgy edýän kameralar gije- gündiz işledilýär we olaryň ýazgylary IIM-niň arhiwinde saklanýar” diýip, hünärmen aýtdy we ötükleriň çyralarynyň gijelerine kän öçmeýändigini belledi.
Söhbetdeşlerimiz öňki ýyllarda gurlan pyýada geçelgeleriniň ählisinde diýen ýaly lift hyzmatynyň göz öňünde tutulmandygyny, goşmaça liftleriň esasan şu ýyl, bahar paslynda gurlup başlanandygyny aýtdylar.
Paýtagtyň Köpetdag, Parahat etrapçalarynda ýerleşýän köp gatly, beýik ýaşaýyş jaýlarynyň hatardan çykan we halys könelen liftleri täzelendi; öň täze gurulýan ýokary amatlykly jaýlarda Günorta Koreýadan getirilen “Hundaý” kysymly liftleri oturdýardylar, soňky wagtlarda Hytaýdan satyn alnan liftleri köp ulanyp başladylar, olar has arzan diýip, bir çeşme aýtdy.
Bir gezegem işlemedik eskalator 'basgançak boldy'
“Gynansak-da, ýaşaýyş jaylaryndaky liftleriň aýlap işlemeýän wagtlary hem bolýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy bu hili ýagdaýda garrylaryň, çagalaryň we çagaly aýallaryň ‘gaty kösenýändigini’ belledi.
“Ýaşaýyş jaýlaryndaky liftleriň plastik düwmelerine çilim közüni basyp eredýän, çakmak bilen liftiň içindäki enjamlara zyýan ýetirýän terbiýesiz adamlar hem duş gelýär. Lift kärhanasynyň işgärleri döwlen enjamlary täzelemek üçin ýaşaýjylardan pul toplamaly bolýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylar ýerasty geçelgeleriň käbirinde gurlan eskalatorlaryň diňe adaty basgançak hökmünde ulanylýandygyny, bir günem işledilmändigini aýtdylar. Şeýle-de, ýerüsti geçelgelerde gurlan liftleriň bir gün hem ulanylmandygy habar berilýär.
“Göräýmäge bar. Ýöne işlänok” diýip, aşgabatly ýaşuly liftler baradaky soraga gülüp jogap berdi. Ol bu liftleriň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşýändigini bilmeýändigini, bu barada ilata hiç bir maglumatyň berilmeýändigini aýtdy.
Azatlyk şäher häkimiýetleri bilen habarlaşyp, gürrüňi edilýän liftler, ulanylman duran enjamlar barada hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum