Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM ýurtda gadagan edilen neşirleri okaýanlary we dindarlary anyklamak üçin ýaş çagalary soraga çekýär


Okuwçy gyzlar (Illýustrasiýa suraty)
Okuwçy gyzlar (Illýustrasiýa suraty)

Balkanyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde häkimiýetler ýurtda gadagan edilen garaşsyz neşirleri, şol sadan Azatlyk Radiosyny okaýan raýatlary we dindarlary anyklamak üçin sebitiň orta mekdeplerine aýlanýarlar we hususan-da, başlangyç synplarda okaýan çagalary soraga çekýärler.

Häkimiýetler muny Garaşsyzlyk baýramyna görülýän “howpsuzlyk çäreleri” bilen düşündirýärler. Ene-atalaryň we bilim işgärleriniň onlarçasy bolsa, häkimiýetleriň bu çärelere “bigünä çagalary çekmegini namartlyk” atlandyrýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.

“Şu günlerde Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edarasynyň we polisiýanyň işgärleri orta bilim berýän mekdeplere aýlanýarlar. Olar duýdansyz synplara girýärler we ýaş okuwçylardan, esasan hem 1-2-3-nji synplarda okaýan çagalara dürli soraglary berip, olardan maglumat toplaýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly bilim işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Bu çäräniň çäginde okuwçylardan esasan maşgala ýagdaýy hakyndaky soraglar soralýar. Bularyň arasynda “ene-ataň näme işleýär? Olar nähili telefonlary ulanýarlar? TikTok-a tomaşa edýärlermi?” ýaly soraglar bar.

"Kakam, ejem okaýar..."

“Düýn çagamyň okaýan synpyna gelen MHM we beýleki howpsuzlyk işgärleri oňa we beýleki çagalara Azatlyk Radiosynyň ýazgylary we logotipi düşürilen uly kagyzy görkezip, olardan ‘ene-ataň telefonlarynda şu saýtlara girýärlermi, okaýarlarmy, şeýle zatlary okaýandygyna gözüňiz düşdümi’ diýip sorapdyrlar” diýip, balkanabatly bir ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlykda şu we şuňa meňzeş wakalaryň anyk haýsy mekdeplerde bolandygy barada takyk maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

"Türkmenbaşynyň we Balkanyň birnäçe mekdebinde synplardaky çagalaryň köpüsi radionyň logotipini görende 'kakam ýa-da ejem okaýar' diýip, jogap berdi. Şol çagalaryň ene-atalary bellige alnyp, olaryň mobil telefonlary barlandy we olara Azatlygy okamazlyk, diňlemezlik berk tabşyryldy. Köp adamyň diňläp, okaýandygy anyklanandan soň, MHM häzirlikçe berk çäre görüp bilmedi" diýip, bilim işgäri belledi.

Mundan başga-da, howpsuzlyk işgärleri ýaş çagalardan öýlerinde namaz okaýan adamyň, arapça ýazylan kitaplaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny hem soralýar.

“Olar çagalardan daşary ýurtlarda ýaşaýan ýa-da işleýän maşgala agzalary, dogan-garyndaşlary barada hem maglumat almaga synanyşýarlar. Olaryň daşary ýurtlarda näme işler bilen meşgullanýandyklaryny soraýarlar” diýip, balkanabatly bir mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, bilim işgärleriniň arasynda häkimiýetleriň bu çärelerini goldap, çagalardan dürli maglumatlary almaga ýardam berýän mugallymlar hem bar.

"Bular namart adamlaryň işi"

Şol bir wagtda, käbir mugallymlar bolsa, MHM ofiserlerine we polisiýa işgärlerine bu çäreleriň çagalary gorkuzýandygyny aýdyp, munuň kanuny esaslarynyň ýokdugyny, hatda jenaýatdygyny aýdýanlar hem bar.

“Howpsuzlyk işgärleri bu mugallymlara bularyň Garaşsyzlyk gününe görülýän howpsuzlyk çäreleri bilen baglanyşyklydygyny aýdyp, olary köşeşdirmäge çalyşdylar. Şeýle-de, olar ‘bu ýaşdaky çagalar ähli zatdan habarly bolýar, ene-atalarynyň ähli syrlaryny bilýär we olardan bu maglumatlary almak aňsat bolýar’ diýýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Ene-atalaryň we bilim işgärleriniň onlarçasy heniz 7-9 ýaşlaryndaky çagalardan şahsy maglumatlary toplamagyň akyla sygjak zat däldigini aýdyp, häkimiýetleriň bu çärelere “bigünä çagalary çekmegini namartlyk” atlandyrýar.

“Bular namart adamlaryň işi. Bular bigünä çagalardan peýdalanyp, halky daňyp saklamakdan, diktaturanyň ömrüni uzaltmak hereketinden başga zat däl. Sebäbi ýurtda garaşsyz saýtlary okaýanlar we dindarlar döwlete uly howp abandyrýan adamlar hökmünde görülýär. Başlangyç synp okuwçylarynyň maglumatlaryna daýanýan howpsuzlyk gulluklary, megerem, dünýäniň hiç bir döwletinde ýokdur” diýip, balkanabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Gözegçilikler, basyşlar...

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Balkanabadyň we Türkmenbaşynyň polisiýa we bilim bölümlerinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistan şu aýyň 27-ne öz garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny belleýär. Häkimiýetler her ýyl bu senäniň golaýlamagy bilen howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip, ilata gözegçiligini has-da artdyrýar. Bu döwürde ýurtda onýyllyklaryň dowamynda petikli saklanýan garaşsyz neşirleri, web sahypalary okaýan raýatlary anyklamak boýunça çäreler ýygjamlaşýar. Şeýle-de, raýatlaryň dini azatlyklaryny berk çäklendirmekde tankyt edilýän ýurtda dindarlara basyşlar güýçlenýär.

Bellesek, häkimiýetler şuňa meňzeş çäreleri şu aýyň başynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde hem güýçlendirdi. Ýöne şol çärelerde ýaş çagalar däl-de, esasan aýal-gyzlar nyşana alyndy. Şonda howpsuzlyk işgärleriniň duýdansyz synplara we otaglara girip, aýal-gyzlaryň telefonlaryny barlaýandygy, Internet petiklemelerini böwsüp geçmek üçin VPN-den peýdalanýandygy anyklanan raýatlary ýerli polisiýa bölüminde soraga çekýändigi habar berildi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG