Fransiýa bilen Germaniýa, 10-njy sentýabrda azyndan 19 sany rus dronunyň Polşanyň howa giňişligine girmeginden soň, NATO-nyň ýarany bolan bu ýurduň howa goragyny berkidýändiklerini mälim etdiler. Dronlar bilen bagly waka Günbatar harby ýaranlygy bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlygy has-da ýitileşdirdi.
Germaniýanyň hökümetiniň sözçüsi Stefan Kornelius 11-nji sentýabrda çykyş edip, Berliniň ýaragly güýçleriniň Polşanyň howa giňişliginiň “goragyny giňeldip, güýçlendirjekdigini” mälim etdi.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bolsa, ýurduň üç sany Rafale harby uçaryny “ýaranlarymyz bilen bilelikde Polşanyň howa giňişligini hem-de NATO-nyň Gündogar Ganatyny goramak üçin” iberjekdigini aýtdy.
“Biz Russiýanyň artýan dyzmaçlygyna boýun egmeris” diýip, Makron nygtady.
Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmeriň edarasy “Russiýanyň agressiýasyny tapgyrlaýyn güýçlendirip, has-da dyzmaç hereketleriniň üsti bilen hüjümlerini ulgamlaýyn artdyrýandygyny” aýtdy.
Şwesiýa, Niderlandlar we Çehiýa hem bu waka boýunça protest bildirmek üçin Russiýanyň ilçileriniň öz Daşary işler ministrliklerine çagyrylandygyny habar berdiler.
Mundan biraz soň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp habarçylara rus dronlary bilen bagly “ýagdaýdan hoşal däldigini”, emma Polşanyň howa giňişligine girmegiň “ýalňyşlyk bolup biljekdigini” aýtdy, ýöne başga jikme-jiklik bermedi.
Bir gün öň, Tramp Truth Social platformasynda: “Russiýanyň dronlar bilen Polşanyň howa giňişligini bozmagyna näme diýmeli? Ine, geldik!” diýip ýazypdy.
Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başladan doly gerimli çozuşyndan bäri, Günbatarda Ýewropanyň Ikinji jahan urşundan soňky iň uly gury ýer söweşiniň goňşy ýurtlara-da ýaýrap, NATO bilen Russiýanyň gönüden-göni çaknyşygyna getirip biljekdigi boýunça howatyrlar artdy.
Polşa 10-njy sentýabrdaky wakany ýurduň, NATO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň garşysyna edilen “öň görlüp-eşidilmedik”, bilkastlaýyn hüjüm diýip atlandyrdy.
Polşanyň prezidenti Karol Nawrotski bu hadysany “NATO-niň içindäki hereket mehanizmini we biziň jogap bermäge taýýarlygymyzy synap görmek synanyşygy” diýip häsiýetlendirdi.
Resmileriň aýtmagyna görä, pidalar ýok, ýöne azyndan bir öýe we bir awtoulaga zeper ýetdi.
Kreml Polşany nyşana alandygyny ret edip, dronlaryň Russiýadan uçurylandygyny subut edýän “hiç hili deliliň” ýokdugyny aýtdy.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi, Warşawanyň Moskwany öz territoriýasyna garşy dron hüjümini amala aşyrandygy barada bildiren aýyplamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin, 12-nji sentýabra gyssagly mejlis çagyryldy.