Rus pilotsyz uçarlary Polşanyň territoriýasyna girenden soň, Warşawanyň we NATO ýaranlarynyň öz goranyşyny güýçlendiren we sebitdäki dartgynlylyk ýokarlanan mahaly, Russiýa we Belarus bilelikdäki uly harby türgenleşikleri geçirip başlady.
12-nji sentýabrda başlanan “Zapad-2025” harby türgenleşikleri Belarusyň we Russiýanyň çäginde geçiriler hem-de 16-njy sentýabra çenli dowam eder.
Rus resmileri harby türgenleşikleriň duşmanyň hüjümini basyp ýatyrmagy imitirlejekdigini aýtdylar. Analitikler bu türgenleşikleriň esasy maksadynyň, Russiýanyň Ukrainada 3 ýarym ýyl bäri dowam etdirýän urşundan soň, rus goşunynyň henizem güýçlüdigini görkezmäge gönükdirilendigini belleýärler.
Degişli maglumat Polşa, Ukraina garşy giň gerimli hüjümiň arasynda, ilkinji gezek rus dronlaryny urdy"[Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putiniň maksady özüniň henizem güýçlüdigini, Ukrainadaky söweşiň olara täsir etmeýändigini görkezmäge synanyşmakdyr” diýip, ABŞ-nyň Howa güýçleriniň pensiýa çykan general-leýtenanty, häzirki wagtda Ýewropa Syýasat derňew merkeziniň (CEPA) ýokary derejeli işgäri Lans Landrum (Lance Landrum) Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.
Bu ýylky harby türgenleşikler, Moskwanyň Minsk şäherine bermegi wada beren rus ýadro ýaraglarynyň we ýadro ýaraglaryny götermäge ukyply orta aralyga niýetlenen raketalaryň ulanyşy bilen baglanyşykly çözgüt kabul etmek boýunça wagt möhletiniň türgenleşigini hem öz içine alar.
Russiýa Belarusda näçe sany taktiki ýadro ýaragyny ýerleşdirendigini aýtmady, ýöne belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenko dekabr aýynda beren maglumatynda öz ýurdunda bularyň onlarçasynyň bardygyny mälim etdi.
“Bu, olaryň täsir kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde ýurtlar we dünýä habar beriş serişdeleri üçin bir sergi” diýip, Landrum belledi.
Bu türgenleşikler eýýäm Ukrainada we Belarus bilen serhetleşýän Latwiýa, Litwa we Polşa ýaly beýleki ýurtlarda aladalary artdyrdy. Bu ýurtlar, 2021-nji ýylda geçirilen soňky “Zapad” harby türgenleşigi rus goşunlarynyň Belarusa, soňra 2022-nji ýylyň fewral aýynda bolsa, Ukraina geçmegini gizlemek üçin ulanylandan soň, häzirki türgenleşiklere ýakyndan syn edýärler.
NATO-nyň metbugat sekretary Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda ýaranlygyň rus harby işjeňligine ýakyndan gözegçilik edýändigini we “Russiýa bilen Belarusy özleriniň halkara borçnamalaryna laýyklykda, Zapad harby türgenleşikleri döwründe öňünden çaklap bolýan we aç-açan görnüşde hereket etmäge” çagyrandygyny, emma NATO-nyň özüniň haýsydyr bir agzasyna garşy “dessine haýsydyr bir howp görmeýändigini” hem aýtdy.
Degişli maglumat Makron ABŞ bilen Ukraina howpsuzlyk kepillikleriniň “öňümizdäki günlerde” ylalaşyljakdygyny aýtdy“Kreml maşklaryň göwrümi we gerimi bilen baglanyşykly aç-açanlygyň ýoklugyny yzygiderli görkezdi” diýip, NATO-nyň metbugat sekretary aýtdy.
“Zapad-2025” maşklarynda näçe goşun bolar?
Belarusyň goranmak resmileri şu ýylyň başynda ýurduň günbatar serhediniň golaýynda geçirilýän harby türgenleşiklere 13000 töweregi goşunyň gatnaşjakdygyny aýtdylar.
Ýöne maý aýynda bu san täzeden gözden geçirildi we tas ýarysy azaldylyp, türgenleşiklere takmynan 7000-8000 harbynyň gatnaşmagynyň mümkindigi bellenildi.
Belarusyň goranmak ministri Wiktor Hrenin türgenleşikleriň aglaba böleginiň Minskiň 74 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Barysau şäheriniň töwereginde geçiriljekdigini, emma käbir “kiçi [harby] bölümleriň [ýurduň] Polşa we Litwa bilen serhet ýakasyndaky sebitlerde gipotetiki duşmany ýok etmek üçin amaly işleri ýerine ýetirjekdigini” aýtdy.
Şeýle-de, Moskwa Belarusa bary-ýogy 2000 esger iberer diýlip çaklanylýar. Umumy türgenleşikler Russiýanyň Moskwa we Leningrad harby etraplaryny, Kaliningrad we Arktika sebitlerini, Baltika we Barents deňizlerini öz içine alar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.